Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri halkara bazarynda tanadylyşyny giňeltmek maksady bilen Polşada geçiriljek FAST TEXTILE 2026 halkara sergisine gatnaşar. Çäre 17–19-njy noýabrda Polşanyň Ptak Expo Łódź sergi toplumynda geçiriler.

Sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň bitewi görnüşde guralmagy «Turkmen Expo» kompaniýasy tarapyndan üpjün ediler. Milli pawilýonda ýurdumyzyň döwlet kärhanalary, tikinçilik fabrikleri we iri önümçilik toplumlary öz önümlerini daşary ýurtly hünärmenlere we işewürlere hödürlär.

«Made in Turkmenistan» brendi bilen guraljak sergide ýokary hilli ýüplüklerden we çig matalardan başlap, taýýar trikotaž önümlerine, öý dokma önümlerine hem-de döwrebap egin-eşik kolleksiýalaryna çenli dürli görnüşli önümler görkeziler.

FAST TEXTILE Merkezi we Gündogar Ýewropanyň iri dokma pudaklaýyn sergileriniň biri bolup durýar. 20 müň inedördül metr meýdanda geçiriljek çärä dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 600 töweregi kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Professional myhmanlaryň sanynyň bolsa 14 müňden geçmegine garaşylýar.

Sergä Polşanyň Dokmaçylarynyň birleşigi, Ýewropa Dokma birleşikleriniň assosiasiýasy we beýleki milli hem-de halkara pudaklaýyn guramalar, şeýle hem iri kompaniýalar gatnaşar.

FAST TEXTILE 2026-nyň çäklerinde türkmen önüm öndürijileri üçin Ýewropanyň importçylary, söwda torlary we halkara brendleri bilen göni B2B duşuşyklary geçirmek üçin mümkinçilikler dörediler. Bu bolsa täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, göni şertnamalary baglaşmak we Türkmenistanyň dokma önümleriniň eksport ugurlaryny giňeltmek üçin möhüm mümkinçilik bolup biler.

Türkmenistanyň milli pawilýonynyň Polşadaky iri dokma sergisinde tanyşdyrylmagy ýerli önüm öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, «Made in Turkmenistan» brendiniň halkara derejesindäki tanadylyşyny artdyrmaga gönükdirilen möhüm ädimleriň biridir.