Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty türgenleri, sport hünärmenlerini, žurnalistleri we sport dolandyryjylaryny taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.

Okuw ugurlary

Institutda hünärmen maksatnamasy boýunça okuwlar býujet we tölegli esasda alnyp barylýar:

  • Býujet esasynda: Sport (sportuň görnüşleri boýunça).
  • Tölegli esasda: Bedenterbiýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi, sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi, sport desgalaryny dolandyrmak we sport psihologiýasy.

Resminamalary kabul etmek

Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar. Türgenler üçin I sport derejesini tassyklaýan kitapça we sport mekdebinden hödürnama hökmandyr.

Giriş synaglarynyň tertibi

Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri: 29-31-nji iýul, 2-nji awgust;
  • Ahal welaýaty: 30-njy iýul, 1-nji we 3-nji awgust;
  • Balkan welaýaty: 4, 6, 8-nji awgust;
  • Daşoguz welaýaty: 5, 7, 8-nji awgust;
  • Lebap welaýaty: 9, 11, 13-nji awgust;
  • Mary welaýaty: 10, 12, 13-nji awgust.

Synaglar saýlanan hünär boýunça beden taýýarlygyny ýa-da sport ukybyny barlamak bilen birlikde, biologiýa, taryh, türkmen dili we edebiýaty ýa-da matematika derslerinden döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40. Telefon belgileri: 39-98-70, 39-98-71.