Türkmen döwlet maliýe instituty ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 2026/2027-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Dalaşgärler ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça şeýle hünärleri saýlap bilerler:
- Halkara maliýe, maliýe we karz, salgytlar we salgyt salmak, bank işi we pul dolanyşygy, töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi, birža işi, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, maliýe, maliýe gözegçiligi, maliýe menejmenti, işewürlik-informatika, maliýe bazarlary we banklar.
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:
- Mary welaýaty: 29-njy iýul, 31-nji iýul we 1-nji awgust;
- Lebap welaýaty: 30-njy iýul, 31-nji iýul we 1-nji awgust;
- Balkan welaýaty: 2-4-nji awgust;
- Aşgabat we Arkadag şäherleri: 5-8-nji awgust;
- Ahal welaýaty: 10-12-nji awgust;
- Daşoguz welaýaty: 9-njy awgust, 11-nji awgust we 12-nji awgust.
Synaglar matematika, Türkmenistanyň taryhy we geografiýa dersleri boýunça döwlet dilinde dilden geçirilýär. Bellenilen wagtda synaga gelmedik ýa-da synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.