Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ykdysadyýet, maliýe, menejment, bank işi we sanly tehnologiýalar ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna okuwa kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Institutda bakalawr maksatnamasy boýunça okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar:
- Ykdysadyýet we dolandyryş: Ykdysadyýet, buhgalterçilik, maliýe we karz, bank işi, dünýä ykdysadyýeti, menejment, marketing, işewürlik-informatika, sanly ykdysadyýet we beýlekiler.
- IT ugry: Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda).
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri üçin) kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamasynyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Aşgabat şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:
- Lebap welaýaty: 29-31-nji iýul;
- Aşgabat we Arkadag şäherleri: 30-njy iýul — 4-nji awgust;
- Ahal welaýaty: 5-7-nji awgust;
- Mary welaýaty: 6-8-nji awgust;
- Balkan welaýaty: 8-10-njy awgust;
- Daşoguz welaýaty: 9-11-nji awgust.
Synaglar matematika, Türkmenistanyň taryhy we geografiýa (IT ugry üçin matematika, fizika we taryh) derslerinden döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Aşgabat şäheri, 1972-nji (Atatürk) köçe, 73. Telefon belgileri: 48-62-89, 48-62-75.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.