
Singapurda geçirilen "Copernicus" halkara matematika olimpiadasynda türkmen mekdep okuwçylary ilkinji gezek çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde ýurdumyzyň wekilleri 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç bolmak bilen, jemi 6 sany medala eýe boldular.
Bu abraýly halkara ýaryşynda ýaş zehinlerimiziň görkezen ilkinji netijeleri örän şowly boldy. Mary şäherindäki «Belent Bilim» bilim merkeziniň okuwçysy Aýjeren Muhammetnazarowa ýokary netije görkezip, altyn medala mynasyp boldy. Şeýle-de, ol öz ýaş toparynda «Absolute Winner» (Absolýut ýeňiji) diýen ada eýe bolup, ýörite sowgat hökmünde «MacBook Air» kompýuterini gazandy.
Kümüş medallara bolsa aşakdaky okuwçylar mynasyp boldular:
Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäheriniň mekdeplerinden: 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Bagtyýarow hem-de 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Melike Begliýewa gazandylar.
Halkara intellektual meýdançasy bolan «Copernicus» olimpiadasy okuwçylaryň matematiki bilimini, logiki pikirlenişini we çylşyrymly meseleleri tiz çözmek ukyplaryny barlamak üçin ýokary standartlary özünde jemleýär. Türkmen okuwçylarynyň bu üstünligi ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky zehinli ýaşlaryň dünýä derejesindäki bäsleşiklerde hem özlerini tanadyp bilýändigini subut etdi.
Keywords