
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 2-6-njy iýul aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen "Turkic International Mathematical Olympiad" (TIMO 2026) halkara matematika bäsleşiginde ýurdumyza abraý getiren netijeleri görkezdiler.
Dünýäniň 13 döwletinden, şol sanda Albaniýa, Azerbaýjan, Bolgariýa, Filippin, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kosowo, Özbegistan, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe we Türkmenistandan zehinli okuwçylaryň gatnaşan bu iri bäsleşiginde ýaşlarymyz özleriniň bilimlerini we logiki pikirleniş ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, türkmen topary jemi dört sany sylaga mynasyp boldy. A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýhan Orazdurdyýew öz ýaş toparynda 56 gatnaşyjynyň arasynda ýokary netije görkezip, bürünç medalyň eýesi boldy.
Şeýle-de, aşgabatly okuwçy Alymuhammet Orazow hem-de maryly okuwçylar Aýjeren Muhammetnazarowa we Gülşat Muhammetnazarowa bäsleşigiň hormatly sylagyna – "Honorable Mention" diplomyna mynasyp boldular.
Halkara derejesindäki bu bäsleşik okuwçylardan diňe bir matematiki nazaryýetleri bilmegi däl, eýsem, çylşyrymly meseleleri çözmekde çalt we dogry karara gelmek ýaly ukyplary hem talap etdi. Türkmen okuwçylarynyň bu gazanan üstünligi ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýetilen sepgitleriň nobatdaky subutnamasy boldy.
Keywords