Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen «Ylym festiwaly – 2026» halkara ylmy çäresine gatnaşyp, biotehnologiýa ulgamynda taýýarlan täze ylmy işlerini we innowasion taslamalaryny hödürlediler.
Uniwersitetiň Biotehnologiýa kafedrasynyň müdiri O. Soltanowa hem-de Molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň müdiri D. Porrykow 5–6-njy sentýabrda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň guramagynda geçirilen festiwala gatnaşdylar.
Sekizinji gezek geçirilýän «Ylym festiwaly» Belarusdaky giň gerimli ylmy-populýar çäreleriň biri bolup, onda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýalarynyň dürli ugurlary bilen tanyşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çärä Minsk şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşyp, ylmyň soňky gazananlary barada maglumat almaga mümkinçilik aldylar.
Festiwalyň dowamynda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we merkezleri özleriniň täze işläp taýýarlamalaryny köpçülige hödürlediler. Türkmen uniwersitetiniň wekilleri hem biotehnologiýa boýunça alyp barýan ylmy işleriniň çäklerinde taýýarlan taslamalary bilen çykyş etdiler.
Türkmen alymlarynyň hödürlän ylmy çözgütleri çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şeýle hem saparyň dowamynda Belarusyň dürli ylmy-barlag edaralarynda işleýän professorlar we ylmy işgärler bilen hünärara duşuşyklar geçirilip, genetika we seleksiýa, mikrobiologiýa, azyk biotehnologiýasy hem-de oba hojalyk biotehnologiýasy boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy.
Duşuşyklar iki ýurduň ylmy işgärleriniň arasynda tejribe alyşmagyň, täze ylmy hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemegiň we bilelikdäki barlaglary ösdürmegiň ähmiýetini görkezdi. Minskde geçirilen «Ylym festiwaly – 2026» türkmen mugallymlarynyň halkara ylmy giňişliginde öz işlerini tanyşdyrmagy üçin netijeli meýdança öwrüldi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.