2026-njy ýylyň sentýabrynda Moskwada rus dili mugallymlaryny we zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilen birnäçe halkara bilim-döredijilik çäreleri geçirildi. Olara Türkmenistanyň mekdep mugallymlary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar.

12-nji sentýabrda Moskwada «Rossiskaya gazeta» bilen Moskwa şäheriniň hökümeti tarapyndan guralan XXVI Halkara Puşkin bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şu ýyl bäsleşige 39 ýurtdan 400-e golaý iş gelip gowuşdy. Rus dili gününde yglan edilen dünýäniň iň gowy 50 mugallymynyň hataryna Türkmenistanyň wekilleri — Ozoda Alaminowa we Jennet Sultanowa hem goşuldy.

Türkmen mugallymlary Moskwadaky saparynyň dowamynda A.S. Puşkin adyndaky Rus dili döwlet institutynda geçirilen hünär okuwlaryna gatnaşyp, rus dilini okatmagyň täze usullary, okuwçylaryň höwesini artdyrmak ýaly meseleler boýunça tejribe alyşdylar. Şeýle hem olar diliň jemgyýetdäki derejesine bagyşlanan «tegelek stola», Puşkin bilen bagly taryhy ýerlere gezelençlere we teatr çärelerine gatnaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde Puşkin institutynyň binýadynda halkara «Pushkin Camp» dil lageri hem öz işini tamamlady. 28 ýurtdan 786 dalaşgäriň gatnaşan saýlama tapgyrynyň netijesinde diňe 20 talyp final tapgyryna geçdi. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby we Malaýziýanyň Petronas Tehnologiýa uniwersitetinde (Universiti Teknologi Petronas) bilim alýan türkmen talyby hem bar.

Iki hepdäniň dowamynda ýaşlar medeniýetara gepleşiklere gatnaşdylar, dürli halklaryň däp-dessurlaryny öwrendiler, şeýle hem Tretýakow galereýasyna, Kosmonawtika muzeýine we «Sarisyno» köşkler toplumyna baryp gördüler. Jemleýji çykyşlarda talyplar öz döredijilik taslamalaryny hödürläp, rus diliniň dürli medeniýetleriň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edýändigini görkezdiler.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy onlaýn görnüşde hem dowam edýär. 7-nji sentýabrda GDA-nyň dokuz döwletinden rus dili mugallymlary üçin ýedi hepdelik hünär kämilleşdiriş maksatnamasy başlandy. Gatnaşyjylar sanly bilim tehnologiýalaryny, köp medeniýetli synplarda işlemek usullaryny, şeýle hem emeli aňdan pedagogikada peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler.

Maksatnamanyň jemleri boýunça iň gowy 10 gatnaşyjynyň 2027-nji ýylyň fewralynda Moskwada geçiriljek ýüzbe-ýüz hünär okuwyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, daşary ýurtly rus dili mugallymlarynyň hünär ussatlygyna bagyşlanan halkara bäsleşige gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli arzalar kabul edilýär. Bäsleşigiň finalçylary 15–21-nji noýabrda Moskwadaky Puşkin institutynda duşuşyp, ýüzbe-ýüz synaglardan geçerler we dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen tejribe alşarlar.