
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Sona Awişewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy ýaş alymy» atly halkara bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.
Ylmy üstünlikleriň ykrar edilmegi Türkmen mugallymy bu abraýly bäsleşikde netijeli ylmy-barlag we innowasion işleri, şeýle-de halkara ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen üstünlikli netijeleri üçin ýeňiji diýlip yglan edildi we sylaglara mynasyp boldy.
«Bilim-orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan gurnalan bu halkara bäsleşigi Arkalaşyga agza ýurtlaryň ýaş alymlaryny we zehinli mugallymlaryny ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirildi.
Üstünlige barýan ýol Sona Awişewa üçin bu ilkinji üstünlik däl. Ol mundan ozal hem dürli ylmy meýdançalarda öz başarjaňlygyny birnäçe gezek subut etdi:
Perspektiwaly barlaglar Häzirki wagtda ýaş alym möhüm ugurda — galyndylardan alnan suwuk organomineral döküniň gök önümleriň hasyllylygyna täsirini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Bu ugurdaky barlaglaryna bagyşlanan we dünýäniň dürli dillerinde çap edilen köp sanly makalalary halkara bilermenleri we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
Sona Awişewanyň gazanan bu üstünligi türkmen ýaşlarynyň milli ylymymyzyň ösmegine we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Keywords