Türkmen oba hojalyk instituty oba hojalygynyň dürli pudaklary, weterinariýa, tehnologiýa we ykdysadyýet ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, 2026/2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul ediş möwsüminiň başlanandygyny yglan edýär.
Okuw ugurlary
Institutda hünärmen (býujet we tölegli) we bakalawr (tölegli) maksatnamalary boýunça giň gerimli hünärler hödürlenýär:
- Oba hojalygy we weterinariýa: Agronomçylyk, agroekologiýa, tohumçylyk, ýyladyşhana hojalygy, weterinar lukmançylygy, gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.
- Tehnologiýa we IT: Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda, iňlis dilinde), awtomatlaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, ýer gurluşygy we kadastrlar, maglumat howpsuzlygy.
- Ykdysadyýet: Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy, sanly dolandyryş.
Resminamalary kabul etmek
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda diňe Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde kabul edilýär. Dalaşgärler rektoryň adyna ýazylan arza, sowalnama, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy, saglyk kepilnamasy, häsiýetnama, fotosuratlar, zähmet depderçesiniň göçürmesi (işleýänler üçin), pasportyň we harby şahadatnamanyň nusgalaryny tabşyrmalydyrlar.
Giriş synaglarynyň tertibi
Giriş synaglary Daşoguz şäherinde geçirilýär. Dalaşgärler welaýatlar boýunça bellenilen möhletlerde synaglara gatnaşmalydyrlar:
- Mary welaýaty: 29-31-nji iýul;
- Lebap welaýaty: 31-nji iýul — 2-nji awgust;
- Daşoguz welaýaty: 2-5-nji awgust.
Synaglar saýlanan hünäre baglylykda himiýa, biologiýa, fizika ýa-da matematika dersleri bilen birlikde Türkmenistanyň taryhyndan döwlet dilinde dilden geçirilýär. Bellenilen wagtda synaga gelmedik ýa-da synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşige goýberilmeýär.
Habarlaşmak üçin: Salgy: Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesi, 94. Telefon belgileri: (800322) 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.