
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 10–21-nji iýul aralygynda geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMO-2026) türkmen okuwçylary ýurdumyza kümüş we bürünç medallara eýe boldular.
Bäsleşigiň jemlerine görä, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala laýyk görlidi.
Şeýle hem bürünç medallara Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 49-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary — 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow we 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow miýesser etdi.
Bu abraýly halkara bäsleşikde dünýäniň 119 ýurdundan 685 sany zehinli okuwçy özara güýç synandy. Türkmenistandan bu uly bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 6 sany okuwçysyndan ybarat milli ýygyndy topary wekilçilik etdi.
Okuwçylarymyzyň halkara derejesinde gazanan bu üstünlikleri ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy usullary we innowasiýasyny ornaşdyrmaga, ýaş nesil üçin hilli bilim almaga hem-de olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döwlet derejesinde berilýän uly goldawyň aýdyň subutnamasy boldy.
Keywords