Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX Global» halkara alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin saýlama synaglaryna çagyrylýar. Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri maksatnama gatnaşmak isleýän dalaşgärler üçin synaglaryň geçiriljek senelerini we ýerlerini mälim etdi.
Maksatnamanyň ýeňijileri ABŞ-da bir okuw ýylynyň dowamynda amerikan maşgalasynyň öýünde ýaşamaga we ýerli orta mekdepleriň birinde okamaga mümkinçilik alarlar. Taslamanyň esasy maksady Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi, medeni gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.
«FLEX Global» maksatnamasyna 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2012-nji ýylyň 15-nji iýuly aralygynda doglan, okuwda gowy netijeleri görkezýän, iňlis dilini bilýän we ABŞ-nyň wiza talaplaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Saýlama synaglary 2027-nji ýylyň ýanwarynda ýurduň alty şäherinde sagat 09:00-da geçiriler. Synaglaryň tertibi şeýle:
Mary: 3-nji ýanwar, 19-njy orta mekdep;
Türkmenabat: 5-nji ýanwar, 2-nji orta mekdep;
Daşoguz: 7-nji ýanwar, 4-nji orta mekdep;
Balkanabat: 9-njy ýanwar, 3-nji orta mekdep;
Türkmenbaşy: 10-njy ýanwar, 10-njy orta mekdep;
Aşgabat: 11-nji ýanwar, 20-nji orta mekdep.
Synaga gatnaşýan dalaşgärleriň ýanynda dogluş hakyndaky şahadatnamanyň ýa-da pasportyň asyl nusgasy, 3×4 ölçegdäki bir sany fotosurat hem-de gara ruçka bolmalydyr. Şeýle-de synaga mekdep lybasynda gelmek talap edilýär.
Maksatnama bilen bagly goşmaça maglumatlary almak üçin flexglobal.tm@americancouncils.org elektron poçta salgysyna hat ibermek ýa-da +(993 63) 50-20-36 belgisi boýunça habarlaşmak bolýar. Giňişleýin maglumatlar www.americancouncilstm.org/flexglobal web sahypasynda ýerleşdirilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.