Türkmenistanyň «ImdatBot» bilim merkeziniň ýaş zehinleri halkara ýaryşlarda ýurdumyza ýene-de bir ýeňiş getirdiler. Bu gezek olar Awstraliýada geçirilen «XCEL Global» halkara robototehnika bäsleşiginde ýokary netijä eýe boldular.

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda «XCEL» bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirilip, oňa merkezden 7 sany topar gatnaşdy. Aprel aýyndaky jemleýji netijelere görä, ýerli toparlar 5 altyn we 2 kümüş medaly gazandylar.

Şol ýeňijileriň arasyndan «Line-Storm» toparynyň agzasy Kurambay Matsapaýew halkara tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Iýul aýynyň başynda Awstraliýa ugraýan ýaş zehin 9–14-nji iýuly aralygynda geçirilen «XCEL Global» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýeledi we altyn medal bilen 16-njy iýulda Aşgabada dabaraly ýagdaýda dolanyp geldi.

«Makeblock» bilim beriş robototehnika öndürijisiniň resmi hyzmatdaşy bolan «ImdatBot» merkezi üçin bu üstünlik ilkinji däl:

  • Maý aýynda: Merkeziň ýaşlary Gazagystanda geçirilen «Robotek Grand Tournament Astana 2026» halkara ýaryşyna gatnaşyp, Leýsan Jumageldiýewa Gazagystan-Britan tehniki uniwersitetinde mugt okamaga hukuk gazandy, Tigran Melkumýan bilen Nurýagdy Baýryýew bolsa «Innowasion tehnologiýalar» bäsleşiginde ýeňiji boldular.

  • 2025-nji ýylda: Merkeziň okuwçylary Los-Anjelesde geçirilen «XCEL» halkara olimpiadasyndan hem altyn we kümüş medallar bilen gaýdyp geldiler.

2019-njy ýylda Aşgabatda açylan we häzirki wagtda STEAM usulyýeti boýunça ýaşlara bilim berýän merkez yzygiderli üstünlikleri bilen ýurdumyzyň adyny ýokarlandyrmaga goşant goşýar. Häzirki wagtda «ImdatBot» awgust aýy üçin tomus asuda okuw lagerine täze talyplary kabul edýändigini mälim edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Telefon: 141-171

  • Instagram: @imdatbot

  • Internet sahypasy: imdatbot.edu.tm

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Mir-3, Ýaşlar köçesi, 120-nji jaý