
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) talyby Şanazar Allamyradow Merkezi Aziýanyň iň zehinli talyplarynyň arasynda geçirilen halkara bäsleşikde uly üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi.
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde guralan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly bäsleşige onlaýn görnüşinde gatnaşan Şanazar, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Fakultetiň 1-nji ýyl talyby bäsleşigiň jemleri boýunça:
Bäsleşik Gazagystanyň «Bilim Orkeniýeti» we «Žaña Kazakstan» ýaly abraýly innowasion merkezleri tarapyndan guraldy. Eminler topary Şanazaryň diňe bir ylymda däl, eýsem sungat we döredijilik äleminde hem görkezen işjeňligine, gazanan netijelerine aýratyn üns berdiler.
Bu ýeňiş türkmen ýaşlarynyň halkara meýdançasyndaky ilkinji üstünligi däl. Şu ýylyň mart aýynda hem Muhammetnur Rejepow hut şu bäsleşikde ýeňiji bolmagy başarypdy. Ýaşlarymyzyň yzygiderli gazanýan bu ýokary netijeleri Türkmenistanyň bilim ulgamynyň we talyp ýaşlarynyň halkara derejesindegi bäsdeşlige ukyplylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Keywords