
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyp ýaşlary we mugallymlary Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen adaty däl lukmançylyk boýunça halkara okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
2026-njy ýylyň 9–23-nji apreli aralygynda Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň binýadynda geçirilen bu çäre Akupunktura-moksoterapiýa jemgyýetiniň Bütin dünýä federasiýasy tarapyndan gurnaldy. Bu möhüm okuwa diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň lukman talyp ýaşlary hem gatnaşdy.
Iki hepdäniň dowamynda talyplar hytaý lukmançylygynyň asyrlar aşyp gelýän tejribesini amaly we nazary taýdan öwrendiler. Okuwlaryň dowamynda adaty däl hytaý lukmançylygynyň dörüş we ösüş taryhy, saglygy dikeltmekde ulanylýan gadymy bejeriş usullary we dermanlyk ösümlikleriň ekilişi, ýygylyşy hem-de derman serişdeleriniň ýasalyşy ýaly meselelere aýratyn üns berildi.
Okuw maksatnamasy diňe bir sapaklar bilen çäklenmän, eýsem talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem mümkinçilik berdi. Saparyň çäklerinde talyplar adaty däl hytaý lukmançylygyna degişli muzeýlere baryp gördüler. Şeýle hem dünýäniň täsinlikleriniň biri bolan Beýik Hytaý diwaryna syýahat gurnaldy.
Bu halkara tejribe alyşygy türkmen lukman talyplarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we Gündogar lukmançylygynyň bejeriş usullaryny milli tejribämiz bilen utgaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Keywords