Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary 2026–2027-nji okuw ýylynda Koreýa Respublikasynda koreý dilini öwrenmek boýunça bir ýyllyk okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar.

Maksatnama Koreýanyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýar. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär.

Okuw maksatnamasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri sapaklaryň göni dil gurşawynda, koreý mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilmegidir. Şeýle çemeleşme talyplaryň koreý dilindäki akademik bilimlerini kämilleşdirmäge, gündelik gepleşik endiklerini ösdürmäge we dili amaly taýdan has netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bir ýyllyk okuw diňe bir dil sapaklary bilen çäklenmeýär. Talyplara Kangwon milli uniwersitetiniň kitaphanalaryndan we sanly bilim serişdelerinden peýdalanmaga, dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga şert döredilýär.

Mundan başga-da, maksatnamanyň çäginde türkmen talyplary Koreýa Respublikasynyň taryhy-medeni mirasy, däp-dessurlary we häzirki zaman jemgyýeti bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.

Halkara bilim maksatnamasy talyplaryň daşary ýurt dilini kämil derejede özleşdirmegi bilen bir hatarda, olaryň halkara akademik gurşawda tejribe toplamagyna we dürli medeniýetleriň wekilleri bilen aragatnaşyk endiklerini ösdürmegine hem ýardam edýär.