Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde geçirilen «Lomonosow-2026» halkara uniwersiadasynda türkmenistanly talyplar ýokary bilim derejesini görkezip, uly üstünlige eýe boldular. Dil bilimi, sebit öwreniş we medeniýetşynaslyk ugurlary boýunça guralan bu abraýly bäsleşikde ýurdumyzyň talyplary umumylykda 11 sany baýrakly orny eýeläp, milli bilim ulgamynyň kuwwatyny nobatdaky gezek tassykladylar.
Bäsleşigiň «Lingwistika» ugry boýunça türkmen talyplary 3 sany birinji we 8 sany ikinji orny gazandylar.
Birinji orna mynasyp bolanlar:
- Gunça Musaýewa – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň (D.Azady adyndaky TNDDI) 3-nji ýyl talyby;
- Ýaran Hudaýberdiýew – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl magistranty;
- Leýli Romanowa – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Ikinji orna mynasyp bolanlar:
- Aýmaral Jumabaýewa – D.Azady adyndaky TNDDI-niň 3-nji ýyl talyby;
- Leýli Durdyýewa – D.Azady adyndaky TNDDI-niň 2-nji ýyl talyby;
- Kristina Semenowa – D.Azady adyndaky TNDDI-niň 3-nji ýyl talyby;
- Muhammet Nurmämmedow – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) 1-nji ýyl talyby;
- Läle Rzagulyýewa – Magtymguly adyndaky TDU-nyň 4-nji ýyl talyby;
- Züleýha Orazowa – Magtymguly adyndaky TDU-nyň 4-nji ýyl talyby;
- Bäşgül Orazmyradowa – Magtymguly adyndaky TDU-nyň 3-nji ýyl talyby;
- Kamila Hudaýbergenowa – M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
Intellektual bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji, ýagny ýüzbe-ýüz däl tapgyrda gatnaşyjylar lingwistika boýunça ylmy barlaglarynyň netijelerini hödürlediler. Moskwada geçirilen jemleýji, soňky tapgyrda bolsa talyplar saýlan daşary ýurt dilleri boýunça çylşyrymly lingwistik tabşyryklary ýerine ýetirdiler. Talyplarymyz rus, iňlis we fransuz dillerindäki baý bilimleri bilen bäsleşigiň guramaçylarynda uly täsir galdyrdylar.
Jemleýji tapgyrynda ýurdumyza 5 sany ýokary okuw mekdebinden 29 talyplarymyz wekilçilik etdi. Milli toparymyza D.Azady adyndaky TNDDI-niň mugallymy Maýsa Ataýewa we Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Jennet Şamyýewa ýolbaşçylyk etdiler.
Bu bäsleşikde talyplarymyzyň yzygiderli üstünlik gazanmagy, olaryň ylmy we döredijilik ukyplarynyň ýokary derejededigini görkezýär. «Lomonosow» uniwersiadasy ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, halkara ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we zehinli ýaşlary goldamak ugrunda möhüm çäre hökmünde çykyş edýär. Türkmen talyplarynyň bu ugurda dördünji gezek üstünlikli çykyş etmegi, ýurdumyzda bilim ulgamyna berilýän uly ünsüň we ýaşlaryň intellektual ösüşine goýulýan maýanyň netijesidir.








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.