
Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde tamamlanan 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynyň birinji turnirynda türkmen tennisçi gyzlary goşa altyn üstünlik gazandylar.
"ITF Asia 14&U Development Championship – (West & Central Asia)" ýaryşy dünýäniň 13 ýurdundan — Bahreýnden, Iordaniýadan, Yrakdan, Ýemenden, Katardan, Kuweýtden, Libandan, Omandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Palestinadan, Saud Arabystanyndan, Täjigistandan we Türkmenistandan gelen wekilleri bir ýere jemledi. Olar iki hepde dowamynda reýting turnirleriniň ikisinde medallar ugrunda bäsleşýärler. Biziň ýurdumyza 4 türgen wekillik etdi.
Ýekelikdäki bäsleşiklerde Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Nazli Hudaýkulyýewa iň ýokary basgançaga galdy. Ol finalda Iordaniýanyň wekili Aýasofiýa Gokaşaudan üç setde ynamly üstün çykdy (0:6, 6:1, 6:3).
Bu üstünligiň ýanyna Nazli jübütleýin bäsleşikde hem ýene bir altyn medal goşmagy başardy. Ol bu ýeňşi 12 ýaşly Sülgun İşankulyýewa bilen paýlaşdy. Ýaryşyň bu görnüşiniň finalynda türkmen jübüti Liban Respublikasynyň türgenleri Mariýa El Haçaçeni we Mariam Kamareddineni iki setde (6:3, 7:5) ýeňip, iň ýokary derejeli sylaglara mynasyp boldular.
Bellik etmeli zat, geçen aýda hem her iki tennisçi Bahreýniň Isa-Taun şäherinde Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilen 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky "A" derejeli halkara turnirynda şowly çykyş edipdiler. Şol ýaryşlarda S.İşankulyýewa iordaniýaly A.Gokaşau bilen jübütlikde kümüş medala mynasyp bolan bolsa, N.Hudaýkulyýewa 17 ýurduň wekilleriniň gatnaşan ýekelikdäki bäsleşiklerinde iň güýçli dörtdüligiň hataryna giripdi.
Türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarydyr. 19-njy fewralda 13 ýaşy dolýan Nazli Hudaýkulyýewa tejribeli tälimçiler Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
Sülgun İşankulyýewa bolsa «Jahan döredijilik merkezinde» terbiýelenendir. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň elinde tennis öwrenýär, ýygyndy toparyň düzüminde bolsa baş tälimçi Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.
Ýakyn günlerde 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynyň ikinji turnirynyň ýeňijileri mälim bolar.
Keywords