Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz ugurly dört sany ýokary okuw mekdebinden 120 talyp gatnaşdy.

Olimpiadanyň açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar bäsleşige gatnaşyjylary gutlap, talyplara üstünlik arzuw etdiler.

Halkara bäsleşik iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bilim we tejribe alyşmak, ýaşlaryň informatika ugrundaky başarnyklaryny ösdürmek üçin mümkinçilik döretdi. Olimpiada ýaşlaryň sanly tehnologiýalar we maglumat ulgamlary boýunça bilimlerini synagdan geçirmäge gönükdirildi.

Bäsleşigiň netijeleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan ýörite işlenip taýýarlanan milli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen kesgitlenildi. Toplanan ballaryň jemi boýunça şahsy bäsleşigiň ýeňijileri anyklanyldy. Şeýle hem toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri jemlendi.

Olimpiadada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplara uniwersitetiň rektory tarapyndan birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlar gowşuryldy.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, talyplaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de sanly tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmaga ýardam berýär.