Türkmen ýaşlary Gruziýa Respublikasynda geçirilen halkara ýaşlar okuw türgenleşigine gatnaşyp, bilim we halkara hyzmatdaşlyk babatda tejribelerini artdyrdylar.

2026-njy ýylyň 5–10-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň Kahetiýa welaýatynyň Kwareli şäherinde geçirilen çärä Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara okuw türgenleşigi Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň guramagynda geçirildi. Çäräniň esasy maksady ýaşlara döwrebap bilim bermek, dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmagy ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Okuw maksatnamasynyň çäklerinde ýaşlar dürli ugurlar boýunça amaly sapaklara, interaktiw okuw maslahatlaryna we seminarlara gatnaşdylar. Şeýle duşuşyklar gatnaşyjylara täze bilimleri özleşdirmäge, pikir alyşmaga we dürli ýurtlaryň ýaşlary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlary Kahetiýa welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem sebitiň baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary we taryhy aýratynlyklary barada maglumat aldylar.

Halkara okuw türgenleşigine türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagy olaryň bilim we hünär başarnyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem ýardam berdi.