Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamagy dowam etdirýär. Bilim ojaklaryna okuwa girmek isleýän Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin 2026/2027-nji okuw ýylyna giriş synaglaryna taýýarlyk tapgyry başlandy.

Hünärler we okuw şertleri

Okuw mekdebi aşakdaky ugurlar boýunça dalaşgärleri kabul edýär:

  • Býujet esasynda: Şepagatçylyk işi.
  • Tölegli esasda: Bejeriş işi we Şepagatçylyk işi.

Okuwa Lebap welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimi bolan we ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlaryny tabşyrmak

Resmi resminamalar 2026-njy ýylyň 13-nji iýulyndan 26-njy iýuly aralygynda Türkmenabat şäherinde kabul edilýär. Dalaşgärlerden aşakdaky resminamalary tabşyrmak talap edilýär:

  • Direktoryň adyna bellenilen nusgada ýazylan arza;
  • Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • Bilimi hakyndaky resminamanyň asyl nusgasy;
  • Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • Soňky okan ýerinden ýa-da işlän ýerinden berlen häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • Zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (işleýänler üçin).

Şeýle-de, dalaşgärler pasportyny, harby şahadatnamasyny (ýa-da harby hasaba goýlandygy baradaky şahadatnamasyny) görkezip, nusgalaryny tabşyrmalydyrlar. Döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri we halkara bäsleşiklere gatnaşanlar degişli resminamalaryň asyl nusgalaryny hödürlemelidirler.

Giriş synaglary barada

Giriş synaglary 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 29-30-y, awgust aýynyň 1-2-si we 4-i günlerinde geçiriler. Synaglar himiýa, biologiýa we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça döwlet dilinde geçirilýär. Dalaşgärleriň saýlan hünärine durnuklylygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.

Ýatladýarys, synag tertibinde bellenen wagtda gelmedik ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedik dalaşgärler bäsleşigiň soňky tapgyrlaryna goýberilmeýär.

Habarlaşmak üçin: Salgyňyz: Türkmenabat şäheri, Atamyrat Nyýazow köçesi, 207. Telefon belgileri: (800422) 5-22-67, 5-24-93.