Türkmen tebigy gazyny Türkiýäniň gaz geçiriji ulgamlarynyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykarmak Türkmenistan bilen Türkiýäniň energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu barada Türkiýäniň BOTAŞ döwlet kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahit Fidan Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
BOTAŞ-yň ýolbaşçysy 2025-nji ýylda türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmeginiň iki ýurduň arasyndaky energetika gatnaşyklarynda möhüm ädim bolandygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, gaz üpjünçiliginde gazanylan bu tejribe hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we uzak möhletleýin, durnukly gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Abdulwahit Fidan şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara ykdysady komissiýasynyň dokuzynjy mejlisinde hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, sebitleýin energetika arabaglanyşygyny ösdürmek Türkiýäniň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şu nukdaýnazardan, türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä ýetirmek, soňra bolsa ýurduň ösen gaz geçiriji infrastrukturasynyň kömegi bilen Ýewropa bazarlaryna ibermek strategik ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin gaz öndürijileriň, daşaýjylaryň we sarp edijileriň tehniki hem-de täjirçilik meselelerinde özara ylalaşyga gelmegi zerurdyr.
BOTAŞ kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlary we bu ugurda gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady. Ol kompaniýanyň tebigy gazy üpjün etmek, daşamak we söwda etmek boýunça toplan tejribesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna iberilmegi baradaky meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, şeýle hem sebitleýin energetika gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam berip biler.
BOTAŞ — Türkiýäniň 1974-nji ýylda döredilen döwlet energetika kompaniýasy bolup, ýurduň esasy nebit we gaz geçiriji ulgamlarynyň işini alyp barýar. Kompaniýa tebigy gazy daşamak, üpjün etmek we halkara energetika bazarlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça iş alyp barýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.