2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.
Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Saparyň çäklerinde Maka Boçorişwiliniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçiriler.
Bu duşuşyklar Gruziýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda syýasy dialogy ösdürmek we özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm mümkinçilik bolup biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.