Ýaponiýanyň galyndylary dolandyrmak we gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen «ADL» hem-de «Nippon Koei» kompaniýalarynyň hünärmenlerinden ybarat topar Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berilýär.
Saparyň çäklerinde ýapon hünärmenleri we ilçihananyň wekilleri Aşgabat şäheriniň galyndylary ýerleşdirilýän poligonyna baryp gördüler. Olar paýtagtda emele gelýän galyndylaryň häzirki ýagdaýy, olaryň ýygnalyşy we ýerleşdirilişi bilen tanyşdylar.
Saparyň esasy maksady Ýaponiýanyň bu ugurda toplan tejribesini peýdalanmak arkaly Türkmenistanda galyndylary görnüşleri boýunça aýry-aýry ýygnamak we gaýtadan işlemek ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.
Ýaponiýada galyndylary görnüşlerine görä aýratynlykda bölmek we sortlamak düzgünlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu çemeleşme olaryň ep-esli bölegini gaýtadan ulanmaga mümkinçilik döredýär. Netijede, poligonlara iberilýän galyndylaryň möçberini azaltmak we daşky gurşawy goramak üçin şertler gowulanýar.
Ýaponiýaly hünärmenleriň sapary galyndylary dolandyrmak boýunça tejribe alyşmaga hem-de Aşgabatda ekologik taýdan durnukly çözgütleri ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.