Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDCs) toparynyň başlyklygyna saýlandy. Bu baradaky karar Nýu-Ýorkda geçirilen, toparyň agza döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleriniň gatnaşan duşuşygynda kabul edildi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň maglumatyna görä, ýurt toparyň ähli agzalarynyň biragyzdan goldawy bilen bu wezipä saýlandy. Türkmenistanyň başlyklyk möhleti 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanar.
Täze ýolbaşçylyk döwründe wise-başlyk wezipesine Azerbaýjan saýlandy. Şeýle hem ýolbaşçylyk edarasynyň düzümine Laos, Burundi, Çad, Ruanda we Paragwaý ýurtlarynyň wekilleri girer.
Türkmenistanyň LLDCs toparynyň başlyklygyna saýlanmagy ýurduň halkara derejesindäki işjeňliginiň nobatdaky ykrarnamalarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu çözgüt halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna we başlangyçlaryna bildirýän ynamynyň ýokarydygyny görkezýär.
Iki ýyllyk başlyklyk döwründe Türkmenistan toparyň işini utgaşdyrmaga gatnaşar. Hususan-da, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara ulag ulgamlaryna goşulyşmagy bilen bagly meseleleriň öňe sürülmegine aýratyn ähmiýet berler.
Türkmenistan şeýle hem dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ösüp barýan ýurdunyň bähbitlerine wekilçilik eder. Şol döwürde 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hem işjeň ýardam bermek meýilleşdirilýär.
Habarda bellenilişine görä, LLDCs toparynyň ýolbaşçylyk edarasynyň täze düzümi 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek ministrler duşuşygynyň jemleýji jarnamasy bilen resmi taýdan tassyklanar.
Şeýle-de 2026-njy ýylyň noýabr–dekabr aýlarynda BMG-niň Iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi adalardaky ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdirligi (OHRLLS) bilen bilelikde Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllardaky başlyklyk döwrüniň esasy ugurlaryny öz içine alýan «ýol kartasynyň» taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.