Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2027-nji ýylda ýükleri awtomobil ulaglary arkaly halkara gatnatmak üçin daşary ýurtlaryň degişli rugsatnamalaryny almak isleýän ýuridik we fiziki şahslardan arzalary kabul edip başlady.
Ministrligiň habar bermegine görä, degişli rugsatnamalary almak üçin ýüz tutmak isleýänler zerur resminamalary bellenen tertipde tabşyrmalydyrlar.
Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Rugsatnamalar we arza tabşyrmagyň tertibi barada goşmaça maglumat almak isleýänler Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň 39-03-36 we 39-03-37 belgilerine ýüz tutup bilerler.
Rugsatnamalaryň öňünden kabul edilmegi 2027-nji ýylda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýän ulag kärhanalary we telekeçiler üçin taýýarlyk işlerini wagtynda geçirmek mümkinçiligini döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.