Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Özbegistana iş saparynyň çäklerinde Ürgenç döwlet uniwersitetine baryp gördi. Saparyň dowamynda ol ýokary okuw mekdebiniň rektory Feruza Madrakhimowa bilen duşuşdy. Gepleşiklerde iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, akademiki alyş-çalşyklary giňeltmek we bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda işjeňleşýändigi bellenildi. Ürgenç döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylygy türkmenistanly talyplaryň bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge, okuw şertlerini has-da kämilleşdirmäge we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen bilelikdäki ylmy-barlag işlerini ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şeýle hem Özbegistanyň talyplarynyň Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän halkara ders bäsleşiklerine we ylmy forumlara gatnaşmagynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy.

Taraplar akademiki alyş-çalşyklary yzygiderli esasda ýola goýmak, düýpli ylmy barlaglary bilelikde geçirmek, şeýle hem iki ýurduň alymlarynyň we ýaşlarynyň bilim taslamalaryna özara gatnaşygyny giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy ösdürmäge gönükdirilendir.