Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bomyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowa Sungkýunkwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesine mynasyp görülendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem täze ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda 1398-nji ýylda esaslandyrylan Sungkýunkwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler öňe sürüldi. 600 ýyldan gowrak akademiki däbe eýe bolan bu okuw mekdebi häzirki wagtda emeli aň, täze energetika, inženerçilik we beýleki öňdebaryjy ylmy-tehnologik ugurlardaky işlere hem aýratyn üns berýär.

Taraplar tarapyndan öňe sürlen teklipleriň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny has amaly häsiýete getirmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, ýaşlaryň we alymlaryň akademiki mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda bilelikdäki işleriň gerimini giňeltmäge ýardam berjekdigi bellenildi.