
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň we Türkiýe awiasiýa assosiasiýasynyň Uniwersitetiniň rektory Rahmi Eriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Taraplaryň arasynda bolan gepleşikleriň esasy möhüm mowzugy raýat awiasiýasy hem-de ýokary tehnologiýaly ugurlar üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine bagyşlandy.
Duşuşygyň dowamynda türk tarapy ýokary okuw mekdebiniň mümkinçilikleri we türkmen uçujy toparlaryny taýýarlamakda toplanylan tejribe barada giňişleýin maglumat berdi. Hususan-da, diňe bir däp bolan uçujy hünärini öwretmek bilen çäklenmän, eýsem logistika ulgamyna öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak, howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem awiasiýa pudagyna emeli aňy we kiberthowpsuzlyk tehnologiýalaryny giňden tanyşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşdaşlyk talyplar bilen mugallymlaryň arasynda göni akademik alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy, bilelikdäki okuw kurslaryny işläp düzmegi hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmegi öz içine alýar. Bu bolsa ulag-logistika ulgamy üçin ýokary hünärli ýaş kadrlary taýýarlamakda täze tapgyry açýar.
Keywords