2026-njy ýylyň 12–18-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 23 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 600-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýan ýaryşda Türkmenistan hem üç pälwan bilen wekilçilik eder.

Bäsleşikler Newada uniwersitetiniň «Thomas & Mack Center» sport toplumynda geçiriler. Ýaryşyň maksatnamasynda ilki grek-rim göreşi boýunça duşuşyklar, soňra zenanlaryň we erkin göreş boýunça bäsleşikler geçiriler.

Türkmenistanyň ýygyndysy

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde erkin göreş boýunça üç türgen çykyş eder:

  • 79 kg: Watan Annaorazow;

  • 86 kg: Soltan Sanjar Begenjow;

  • 92 kg: Döwletgeldi Myradow.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýusup Meledžaýewdir.

U23 dünýä çempionaty üç görnüş boýunça — grek-rim, zenanlaryň we erkin göreşi boýunça geçirilip, 12-nji oktýabrdan 18-nji oktýabra çenli dowam eder. Ýaryş ýaş pälwanlaryň halkara derejesindäki tejribesini artdyrmak we dünýä arenasynda öz mümkinçiliklerini görkezmek üçin möhüm sport çäreleriniň biri bolar.