«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyna önümçilik desgalarynda metan syzmalaryny ýokary takyklyk bilen ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän döwrebap LDAR enjamlary gowşuryldy. Täze tehnologiýalar tebigy gazyň ýitgilerini azaltmaga, daşky gurşawy goramaga we önümçilik howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Enjamlary resmi taýdan gowşurmak dabarasy «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Taslama Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär hem-de «Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH» tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Dabara Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Madalinskiý, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

LDAR enjamlarynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we GIZ-iň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm tapgyry boldy.

Geçen ýyl institutyň binýadynda maglumatlary toplamak, işläp taýýarlamak we seljermek üçin niýetlenen Maglumat-seljeriş merkezi işe girizilipdi. Häzirki wagtda täze enjamlaryň berilmegi bu işleriň dowam etdirilmegine hem-de ylmy-seljeriş mümkinçilikleriniň önümçilikde amaly taýdan ulanylmagyna şert döredýär.

Öňdebaryjy öndürijileriň biri bolan «SENSIA Solutions» kompaniýasy tarapyndan öndürilen LDAR enjamlary önümçilik desgalarynda gaz syzmalaryny hakyky wagt düzgüninde wizual görnüşde görkezmäge we olary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarmaga niýetlenendir.

Bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekologik we ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýedir. Metan syzmalarynyň öz wagtynda ýüze çykarylmagy onuň atmosfera zyňyndylaryny azaltmaga, Türkmenistanyň Metan boýunça Ählumumy borçnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, tebigy gazyň ýitgisiniň öňüniň alynmagy gymmatly çig mal serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna we önümçilik howpsuzlygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär.

Enjamlaryň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri üçin üç günlük ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryna hem badalga berildi. Okuw maksatnamasy nazaryýet sapaklaryny, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi bilen işlemegi we Şatlyk şäherindäki «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň desgalarynda meýdan şertlerinde geçiriljek amaly okuwlary öz içine alýar.

GIZ-iň maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Karolina Milow öňdebaryjy LDAR enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň Maglumat-seljeriş merkeziniň işini önümçilikde amala aşyrylýan anyk çäreler bilen utgaşdyrmakda möhüm ädimdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, täze tehnologiýalar gözegçiligiň takyklygyny ýokarlandyrmaga, howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga, metan zyňyndylaryny azaltmaga we gymmatly tebigy gazyň ýitgilerini kemeltmäge ýardam berer.

«Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan bu hyzmatdaşlyk metan zyňyndylaryny azaltmaga, milli hünärmenleriň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we Türkmenistanda hem-de sebitde ekologiýa taýdan durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilendir.