Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy agyz suwuny arassalamak üçin niýetlenen «Mijia Water Purifier 3C 1000» atly täze enjamyny hödürledi. Täze önüm kompaniýanyň «Youpin» köpçülikleýin maliýeleşdiriş platformasynda tanyşdyryldy.

Öndürijiniň maglumatlaryna görä, enjam bäbekler we çagalar üçin niýetlenen suw arassalaýyş ulgamlaryna bildirilýän berk howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýär. Ol degişli howpsuzlyk şahadatnamasyna hem eýe boldy.

«Mijia Water Purifier 3C 1000» enjamynyň bölek satuw bahasy 1 100 ýuana deňdir. Emma satuwyň ilkinji tapgyrynda ony 1 000 ýuana, ýagny takmynan 140 amerikan dollaryna satyn almak mümkinçiligi hödürlenýär.

Ak reňkli, ykjam görnüşde öndürilen enjamyň ölçegleri 127×420×310 millimetre deň bolup, ony aşhanada suw ýuwulýan çanagyň aşagynda ýerleşdirmek bolýar. Enjam iki sany çalşylýan süzgüç bilen üpjün edilendir we minutda 3,2 litre çenli arassalanan suw öndürmäge ukyplydyr. Şeýlelikde, 150 millilitrlik bulgury takmynan 2,8 sekuntda doldurýar. Ulgamyň umumy iş kuwwaty 4 müň litr suwy arassalamaga niýetlenendir. Bäş kameraly suw sorujy ulgamy bolsa enjamyň işleýän wagtyndaky ses derejesini peseltmäge kömek edýär.

Suwy arassalamak 11 basgançakly süzgüç ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Onuň düzümine polipropilen süýümli süzgüç, kömür esasly arassalaýjy serişdeler we 0,0001 mikrometre çenli takyklykda süzmäge ukyply ters osmos membranasy girýär.

Öndürijiniň bellemegine görä, enjam suwda duş gelýän 145 görnüşli garyndyny we hapalaýjy maddany aýyrýar. Hususan-da, gurşunyň 99,9 göterimini, kadminiň bolsa 99,8 göterimini arassalamaga ukyplydyr.

Enjamyň ýene bir aýratynlygy süzgüçlerinde suw daşynyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin ulanylýan himiki serişdeleriň ýoklugydyr. Bu bolsa şeýle maddalaryň agyz suwuna ýa-da lagym ulgamyna düşmeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, süzgüçleri öndürmekde bisfenol A maddasy ulanylmaýar.

Süzgüçleriň ulanyş möhleti hem tapawutlanýar: utgaşykly PPC süzgüjini 24 aýdan, ters osmos membranasyny bolsa 60 aýdan, ýagny bäş ýyldan soň çalyşmak maslahat berilýär.

Täze enjamyň tanyşdyrylmagy öý hojalygynda agyz suwuny arassalamak üçin niýetlenen ykjam we köp basgançakly tehnologiýalara bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.