«TechDroider» internet çeşmesi Samsung kompaniýasynyň geljekki flagman smartfony Galaxy S27 Ultra modeliniň täze maketleriniň wideo synyny çap etdi. Wideoda enjamyň gara we ak reňkli plastik nusgalary görkezilip, olaryň ölçegleri we dizaýny häzirki Galaxy S26 Ultra modeli bilen deňeşdirildi.

Täze flagman seriýasynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasynyň 2027-nji ýylyň başynda geçirilmegine garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, Galaxy S27 Ultra batareýasynyň kuwwaty 5700 mA·s-a çenli ýokarlandyrylar we 60 Wt kuwwatly çalt zarýad beriş tehnologiýasy bilen üpjün ediler. Smartfonyň öndürijiligi satuwa çykarylýan sebitine baglylykda Snapdragon 8 Elite Extreme Gen 6 ýa-da Samsung-yň öz önümçiligi bolan Exynos 2700 prosessorlary arkaly üpjün ediler.

Enjamyň 6,9 dýuýmlyk AMOLED M16 ekranynyň 2K çözgüdi we 120 Gs täzeleniş ýygylygy bolar diýlip çaklanylýar. Şeýle hem ekranyň ýagtylygynyň ýokarlandyrylmagyna, şöhlelenmä garşy örtüginiň kämilleşdirilmegine we Privacy Display atly gizlinlik gorag funksiýasynyň has-da ösdürilmegine garaşylýar.

Kamera ulgamynda hem käbir üýtgeşmeleriň boljakdygy bellenilýär. 200 megapiksellik esasy kamera datçigi we 5 esse optiki ýakynlaşdyrma mümkinçiligi bolan teleobýektiw saklanyp galar. Emma öndürijiniň 3 esse ýakynlaşdyrma modulyny aýyrmagy meýilleşdirýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, Galaxy S21 Ultra modelinden bäri seriýanyň ýokary derejeli smartfonlarynda ulanylyp gelnen lazerli awtofokus kömekçisiniň hem täze enjamda bolmazlygy mümkin.

Häzirki wagtda bu maglumatlar deslapky çaklamalara esaslanýar. Samsung kompaniýasy Galaxy S27 Ultra modeliniň tehniki aýratynlyklaryny we dizaýnyny resmi taýdan tassyklamady.