
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Gurluşyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow 17-nji maýda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň «news.milli.az» habarlar portaly maglumat berýär.
Duşuşygyň başynda D. Orazow Azerbaýjanyň Döwlet baştutanyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy doganlyk ýurduň ýolbaşçysyny Azerbaýjanda üstünlikli geçirilýän Bütindünýä şähergurluşyk forumynyň 13-nji sessiýasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu halkara çäräniň sebitde döwrebap şäherleri gurmakda we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda aýratyn üns berlen meseleleriň biri hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň Füzuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň taslamasy boldy. Prezident Ilham Aliýew bu asylly we dostlukly başlangyç üçin türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi we mukaddes ojagyň gurluşyk işleriniň bellenilen tertipde batly depginler bilen dowam edýändigini habar berdi.
Munuň bilen birwagtda, taraplar soňky ýyllarda giň gerimli rekonstruksiýa we täzeden gurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýän Garabag sebitindäki dikeldiş işleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow ýenelikde Garabag sebitine ýörite baryp görmegi meýilleşdirýändigini tassyklady. Ol ýerde alnyp barylýan uly göwrümli şähergurluşyk we sebit taslamalarynyň gidişi bilen ýerinde tanyşmagy hem-de türkmen tarapynyň bu ugurdaky tejribelerini paýlaşmagy maksat edinýändigini belledi.
Keywords