Türkmenistan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän ykdysady başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek başlangyjy hem bar.
Türkmenistanyň bu teklibi sebitara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, serhetýaka söwdanyň mümkinçiliklerini artdyrmak we YHG-niň agza ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksadyny göz öňünde tutýar.
2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisiniň Eýranyň Gülistan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda degişli ugur boýunça birnäçe duşuşyk we gepleşik geçirildi. Duşuşyklarda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilişiniň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşiklerde şeýle söwda zolagynyň döredilmeginiň sebitdäki haryt dolanyşygyny artdyrmaga, üstaşyr gatnawlary giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge we serhetýaka sebitleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.
YHG-niň Baş sekretary bu başlangyjyň Guramanyň beýleki agza döwletleriniň serhetýaka sebitleri üçin hem görelde bolup biljekdigini nygtady. Şeýle hem onuň sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak, YHG-niň çäginde söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we ykdysady integrasiýa üçin täze mümkinçilikleri döretmek baradaky maksatlara laýyk gelýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň öňe sürýän bu başlangyjynyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ösdürilmegine şert döredip biler. Şol bir wagtyň özünde serhetýaka söwdanyň işjeňleşmegi we ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň giňeldilmegi YHG-niň agza döwletleriniň arasynda ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.