Türkmenistanda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep bazarlary işjeňleşdi. Ýurdun dürli künjeklerinde okuw esbaplaryny satýan ýörite söwda nokatlary hereket edip başlady. Şu ýyl mekdep bazarlarynyň sany 414-e ýetýär. Söwda nokatlarynda okuwçylar üçin zerur bolan dürli görnüşli harytlar — sumkalar, depderler, kanselýariýa önümleri, okuw esbaplary we beýleki zerur serişdeler hödürlenýär. Bazarlarda ýerli önüm öndürijileriň önümleri esasy orun eýeleýär.
«MIR 24» habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda çagany täze okuw ýylyna taýýarlamak üçin ortaça 400 manatdan gowrak çykdajy gerek bolýar. Däp bolşy ýaly, ilkinji synpa barýan okuwçylara döwlet tarapyndan goldaw berilýär — olara okuw esbaplarynyň toplumy bilen üpjün edilen mugt portfeller gowşurylýar. Çagalar bagynyň terbiýeçisi Keýik Ýazlyýewa hem bu goldawyň ähmiýetini belläp geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl gyzy ilkinji synpa gadam basýar. — Çagalar bagymyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan mekdebe barýan çagalaryň ene-atalaryna we işgärlere kömek berilýär. Olara okuw üçin zerur bolan ähli esbaplary öz içine alýan doly toplum hödürlenýär — diýip, Keýik Ýazlyýewa gürrüň berdi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilýän mekdep bazarlary ene-atalara çagalaryny zerur okuw esbaplary bilen üpjün etmek üçin amatly mümkinçilik döredýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.