Aşgabatdaky Amerikan merkezi hem-de American Councils guramasy ýurdumyzyň ýaş zehinleri üçin täze we gyzykly Robototehnika maksatnamasynyň (Robotics Program) başlanýandygyny yglan etdiler. Bu bilim taslamasy Türkmenistanyň dört säherinde — Aşgabatda, Maryda, Daşoguzda we Türkmenabatda ýerine ýetiriler.
Maksatnamanyň wagty we ugurlary
Häzirki zaman tehnologiýalary, konstruksiýa we programmirlemek bilen gyzyklanýan mekdep okuwçylary üçin niýetlenen bu okuw çäresi 2026-njy ýylyň 1-i bilen 21-nji awgusty aralygynda geçiriler. Okuwlar ýaşlara inženerçilik we sanly ulgamlar boýunça ilkinji amaly endikleri almaga giň mümkinçilik döreder.
Gatnaşyjylar üçin esasy talaplar
Maksatnamada okamak isleýän dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
- Ýaş çäklendirmesi: 15–18 ýaş aralygyndaky ýokary synp okuwçylary;
- Iňlis dili derejesi: Elementary (başlangyç) derejeden pes bolmaly däl;
- Robototehnika boýunça tejribe: Esasy ýa-da başlangyç derejede bolsa ýeterlikdir.
Ýüz tutmak we arzalary tabşyrmak tertibi
Maksatnámada gatnaşmak isleýänler onlaýn sowalnamany dolduryp, öz arzalaryny iberip bilerler:
- Hasaba durmak üçin: bit.ly/AS-robotics çykgydy arkaly ýa-da resmi posterdäki QR-kody skanirläp, sowalnamany doldurmaly;
- Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 26-njy iýuly.
- Habarlaşmak üçin: Soraglaryňyz barada AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron poçta salgysyna ýüz tutup, giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.