
Türkmenistanyň Bilim ministrligi okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyny düzgünleşdirýän täze tertibi resmi taýdan tassyklady. Degişli buýruk (№197) Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew tarapyndan gol çekildi. Resminama 2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.
Täze düzgünler Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Olaryň esasy maksady häzirki zaman sanly tehnologiýalary okuw prosesine ornaşdyrmak bilen bir hatarda, okaýanlaryň saglygyny goramak we okuw tertibini saklamakdan ybaratdyr. Düzgünler ýurduň ähli döwlet we hususy bilim edaralary üçin hökmanydyr.
Şahsy ykjam enjamlaryň kesgitlemesi
Resminama laýyklykda şahsy ykjam tehniki serişdeler diýip aragatnaşyk, internet, foto-, wideo- we ses ýazgy mümkinçiliklerine eýe bolan ähli elektron enjamlar göz öňünde tutulýar. Olara ykjam telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar hem-de smart sagatlar degişlidir.
Ulanyş düzgünleri
Täze düzgünlere görä, bilim edaralarynda ykjam enjamlardan peýdalanmak diňe okuw maksady bilen we pedagogik işgärleriň rugsady esasynda amala aşyrylyp bilner. Okuw wagtynda bu enjamlaryň «sessiz» ýa-da «uçuş» tertibinde saklanylmagy zerurdyr.
Şeýle hem okuwçylaryň we işgärleriň rugsady bolmazdan foto, wideo ýa-da ses ýazgylaryny almak gadagan edilýär. Bilim edaralarynda enjamlar üçin ýörite saklaýyş ýerlerini döretmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
Sanly mümkinçilikler
Resminama ykjam enjamlaryň bilim ulgamynda peýdaly gurala öwrülmegini hem göz öňünde tutýar. Olar arkaly:
— elektron bilim platformalaryna girmek;
— multimediýa materiallary ulanmak;
— ses, wideo we grafik maglumatlary öwrenmek;
— elektron kitaplar we okuw materiallary bilen işlemek;
— sanly tabşyryklary ýerine ýetirmek we gözegçilik etmek mümkinçiligi döredilýär.
Bilim edaralarynda IT hünärmenleriniň ýa-da informatika mugallymlarynyň kömegi bilen enjamlary okuw ulgamlaryna birikdirmek we elektron serişdelerden peýdalanmagy guramak göz öňünde tutulýar.
Howpsuzlyk we terbiýeçilik kadalary
Resminamada ykjam enjamlaryň köp ulanylmagynyň okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek täsirine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda bilim edaralary okuwçylara we olaryň ata-enelerine sanly serişdeleri dogry ulanmak boýunça düşündiriş işlerini geçirmelidir.
Şeýle hem zyýanly maglumatlardan gorag, jemgyýetçilik ahlak kadalaryny saklamak, agressiw we howply mazmunlardan daşda durmak ýaly möhüm talaplar bellenilýär.
Täze düzgünler sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamynda netijeli we howpsuz ulanylmagyna gönükdirilen möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.
Keywords