Aşgabatda Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) bilelikde guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we serhet gulluklarynyň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen okuw geçirildi.
Okuwyň esasy maksady ýurduň awtoulag we howa arkaly geçilýän serhet nokatlarynda ilatyň saglygyny goramak hem-de jemgyýetçilik saglygyna abanýan howplara dessin jogap bermek boýunça hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
HMG-niň Wenadaky sebit edarasynyň we BSGG-niň wekilleri okuwlaryň dowamynda Türkmenistanyň degişli gulluklarynyň hünärmenlerine migrasiýa akymlaryny sanly usullar arkaly yzarlamak, şeýle hem serhet geçelgelerinde howply ýokanç keselleri ir ýüze çykarmak boýunça häzirki zaman çemeleşmeleri hödürlediler.
Amaly okuwlaryň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda serhet geçelgelerinde ulanyljak standart iş tertipleri hem işlenip düzüldi. Täze düzgünler şeýle ýagdaýlarda degişli lukmançylyk gulluklarynyň ýerine ýetirmeli işleriniň yzygiderliligini kesgitleýär.
Oňa ilkinji lukmançylyk barlagyny geçirmek, zerur bolan ýagdaýynda karantin çärelerini guramak, degişli edaralaryň arasynda maglumat alyşmak, şeýle hem gyssagly lukmançylyk we psihologik kömek bermek ýaly çäreler girýär.
Okuwda serhetlerde geçirilýän epidemiologik gözegçiligi Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamy bilen utgaşdyrmak meselesine hem aýratyn üns berildi.
Bu işler HMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.