
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň aspiranturasyna we ylmy derejelere dalaşgärleriň hataryna 116 adam kabul edildi. Şeýle hem, 31 sany doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, ylmy kuwwatyň artmagyna goşant goşuldy.
Okuw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Okuwçylar we talyplar halkara bäsleşiklerinde işjeň çykyş edip, jemi 871 medal gazanmagy başardylar.
Saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almak we bejeriş işlerinde täzeçil usullar yzygiderli ornaşdyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalar üçin dürli operasiýalar we bejeriş kurslary geçirildi.
Şeýle-de, şu ýyl möhüm strategik resminamalar – 2026–2052-nji ýyllar üçin Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň milli strategiýasy hem-de 2026–2030-njy ýyllar üçin ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça milli strategiýa tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip, bäş aýyň dowamynda jemi 301 medala mynasyp boldular.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz zehinli ýaşlary ylma we täze tehnologiýalara höweslendirmegiň, lukmançylyk edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de ýaşlary köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmegiň möhümdigini nygtady.
Keywords