Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda täze okuw ýyly üçin talyplary kabul etmek boýunça synaglar resmi taýdan başlandy. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, kabul ediş kampaniýasynyň esasy tapgyry bolan giriş synaglary 20-nji awgusta çenli dowam eder.

Ýatladyp geçsek, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti zehinli ýaşlary uniwersitetlere kabul etmegiň, synaglaryň adalatly we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň hamana jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigini nygtapdy.

Döwlet baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, 13-26-njy iýul aralygynda abiturientlerden degişli resminamalar kabul edildi. Şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 18 müňden gowrak ýaş kabul ediler, bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 1239 orun köpdür.

Täze okuw ýylyndan başlap, milli ykdysadyýetiň kadrlar zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen 20 täze hünär we okuw maksatnamasy giriziler. Olaryň 10-sy ýöriteleşdirilen maksatnama, 4-si bakalawr maksatnamasy we 6-sy magistr maksatnamasydyr. Şeýle hem ýurduň orta hünär bilim edaralarynda resminamalary kabul etmek 17-nji awgusta çenli dowam edýär.