Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Bäsleşigiň final tapgyry 18-nji sentýabrda sagat 10:00-da uniwersitetiň binasynda geçiriler. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan saýlanyp alnan okuwçylar gatnaşar.
Biologiýa olimpiadasy Türkmenistanyň ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin meýilnamanyň çäklerinde geçirilýär. Şeýle hem çäre ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça hereket edýän degişli talaplara laýyklykda guralýar. Bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanýar.
Olimpiada iki tapgyrdan ybarat bolar. Deslapky tapgyry welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internat geçirer. Her mekdepden etrap tapgyryna üç okuwçy saýlanyp, soňra etraplardan welaýat ýa-da şäher tapgyryna hem üç okuwçy gatnaşar.
Welaýat we şäher tapgyry 14-nji sentýabrda geçiriler. Şondan soň her welaýatdan, Aşgabatdan we Arkadag şäherinden bäş okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatdan bolsa üç okuwçy göni final tapgyryna gatnaşar.
Jemleýji bäsleşigiň başlamagyna bir sagat galanda gatnaşyjylar uniwersitete gelmeli. Welaýatlaryň we şäherleriň wekilleriniň gatnawyny guramak degişli ýolbaşçylaryň jogapkärçiligine ýüklenýär.
Synag ýörite kompýuter programmasynyň üsti bilen türkmen dilinde geçiriler. Her gatnaşyja aýratyn kompýuter berler. Bäsleşik başlamazdan öň guramaçylyk topary tarapyndan ulanyjy ady we bir gezek ulanmaga niýetlenen parol gowşurylar. Okuwçylara test tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berilýär.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara diňe kagyz, ruçka, galam we kalkulýator ulanmak rugsat edilýär. Okuw kitaplaryndan, gollanmalardan, telefonlardan, aragatnaşyk serişdelerinden we beýleki maglumat çeşmelerinden peýdalanmak gadagan. Bu düzgünleri bozýan gatnaşyjylar bäsleşikden çetleşdiriler.
Synag wagtynda guramaçylyk ýa-da tehniki mesele ýüze çykan ýagdaýynda gatnaşyjylar bäsleşigiň guramaçylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärlerine ýüz tutup bilerler.
Bäsleşige gatnaşjak okuwçylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlar 15-nji sentýabra çenli bellenen görnüşde uniwersitetiň degişli elektron poçta salgysyna iberilmelidir.
Olimpiadanyň netijeleri gatnaşyjylaryň toplan ballarynyň jemi boýunça kompýuter programmasy arkaly awtomatiki kesgitlener. Netijeler degişli teswirnamalar bilen resmileşdiriler. Ýeňijileriň sanawy eminler toparynyň karary esasynda uniwersitet rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.
Bäsleşikde öňe saýlanan okuwçylara I, II we III derejeli diplomlar gowşurylar.
Bäsleşik boýunça goşmaça maglumat üçin +993 12 48-99-32 we +993 64 00 04 70 telefon belgilerine ýüz tutup bolýar. Şeýle hem tdlu.iolimp@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşmak mümkin.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.