Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ahyryna çenli täze dörediljek iş orunlarynyň sanynyň 5 müň 300-e golaý bolmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, täze iş orunlarynyň döredilmegi täze önümçilik kärhanalarynyň gurulmagy we hereket edýän kärhanalaryň durkunyň täzelenmegi bilen bagly alnyp barylýan işler arkaly üpjün edilýär.
«Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Bu resminamanyň çäginde ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we täze iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirmek boýunça degişli çäreleriň geljekde hem dowam etdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylýandygy barada hem maglumat berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, 2026-njy ýylyň jemleri boýunça ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar.
Şeýle hem «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry bilen bagly täze iş orunlarynyň dörediljekdigi bellenildi. Bu taslamanyň çäklerinde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak adamyň zähmet çekmegi üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar.
Täze önümçilikleriň işe girizilmegi we bar bolan kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüş maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.