Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny «Bharat Ko Janiye Quiz 2026» atly halkara onlaýn bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşigiň baş baýragy ýeňijiler üçin ähli çykdajylary tölenen 10 günlük Hindistana tanyşdyryş syýahatydyr. Bu barada «Orient» neşiri habar berýär.
Bäsleşik interaktiw görnüşde geçirilýär. Gatnaşyjylar dürli soraglara jogap berip, utuk gazanýarlar we umumy sanawdaky orunlary üçin bäsleşýärler. Ýokary netijeleri görkezen gatnaşyjylara Hindistana mugt syýahata gatnaşmak mümkinçiligi berler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin «BharatVerse» mobil goşundysyny ýükläp almak ýa-da taslamanyň resmi bkjquiz.com web sahypasyna girmek zerurdyr. Soňra hasaba alynmaly we «Bharat Ko Janiye Quiz 2026» bäsleşigini saýlap, soraglara jogap bermeli. Gatnaşyjylar öz netijelerini gowulandyryp, sanawda ýokary orunlara çykmaga çalşyp bilerler.
Bilim beriş maksatly bu taslama Hindistanyň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we häzirki döwürde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Bäsleşige isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler. Ýeňijileriň Hindistana syýahat etmek bilen bagly çykdajylary kabul ediji tarap tarapyndan doly tölenýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.