Garagumyň jümmüşindäki tebigy baýlyklary halk hojalygynyň bähbidine gönükdirmek ugrunda zähmet çekýän gazçylar önümçilikde ýokary netijeleri gazanýarlar. Naýypyň suwuklandyrylan gaz öndürýän kärhanasynda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda suwuklandyrylan gaz we gaz kondensatyny öndürmek boýunça bellenilen aýlyk meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi.
Hususan-da, geçen aýda kärhanada 7 müň 692 tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek göz öňünde tutulypdy. Iş ýüzünde bolsa 8 müň 51 tonna önüm öndürildi. Netijede, meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirilip, bellenilen möçberden 359 tonna artyk önüm alyndy.
Bu görkezijiler kärhananyň önümçilik işleriniň netijeli alnyp barylýandygyny görkezýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.