
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Orazow Täjigistanyň Gissar şäherinde geçirilen 2026-njy ýylyň tomusky žurnalistika mekdebine gatnaşyp, ony üstünlikli tamamlady.
28-nji iýun – 12-nji iýul aralygynda geçirilen bu bilim taslamasy, Ýewropa Bileleşiginiň Täjigistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde, ÝHHG-niň Duşenbedäki programma ofisi tarapyndan guraldy. Başlangyç Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan, media pudagynda öz başarnyklaryny kämilleşdirmäge we çalt üýtgeýän sanly gurşawa uýgunlaşmaga ymtylýan ýaş hünärmenlere gönükdirilendir.
Hünär ussatlygynyň ösdürilmegi
Bu ýylky media-intensiwine sebitiň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryndan bäsleşik esasynda saýlanyp alnan 20 zehinli ýaş hünärmen we talyp gatnaşdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bilen birlikde, Merkezi Aziýa Uniwersitetiniň, Şanhaýdaky Nýu-Ýork uniwersitetiniň, “Ala-Too” halkara uniwersitetiniň we Özbegistan döwlet dünýä dilleri uniwersitetiniň wekilleri bar.
Iki hepdelik maksatnama häzirki zaman mediasynyň işleýiş aýratynlyklaryna gönükdirildi. Dürli leksiýalar we interaktiw seminarlar barşynda hünär etikasynyň kadalary, media sowatlylygy, ýalan maglumatlara garşy göreşmek, žurnalistikada emeli intellekti jogapkärli ulanmak hem-de wideo we audio materiallary öndürmek boýunça multimedia hekaýalaryny döretmek başarnyklaryna aýratyn üns berildi.
Tejribe alyşmak we hünär ösüşi
Programmanyň möhüm bölegini tejribe sapaklary düzdi. Gatnaşyjylar tejribeli tälimçileriň we bilermenleriň ýolbaşçylygynda öz bilimlerini durmuşda ulandylar. Şeýle hem ýaşlar “Safina” döwlet teleradiokanalynyň studiýasynda bolup, studiýa toplumynyň tehniki enjamlaşdyrylyşy, telewideniýe mazmunyny döretmek prosesleri, göni efirde işlemek we täzelikler çykyşlaryny taýýarlamak boýunça giňişleýin tanyşdylar.
Tomusky žurnalistika mekdebiniň maksatnamasy gatnaşyjylaryň biliminiň we başarnyklarynyň ösmegine, serhetüsti hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de dürli ýurtlardan gelen ýaş žurnalistleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň we dostlukly dialogyň pugtalanmagyna uly goşant goşdy.
Mekdebiň işiniň netijesinde gatnaşyjylara halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Guramaçylar bu taslamanyň ýaş žurnalistleriň hünär taýdan kemala gelmegindäki ähmiýetini belläp, geljekde hem bu başlangyjy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Keywords