
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy halkara söwda amallaryny ýenilleşdirmek we gümrük dolandyryşyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda möhüm ädim ätdi. Gullugyň habar bermegine görä, «Eksport-import amallary üçin ýeke-täk penjire» (tradebridge.gov.tm) web-portalynda emeli aň tehnologiýasy üstünlikli ornaşdyryldy.
Şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulgamdan peýdalanýanlara gümrük dolandyryşy we resmileşdiriş işlerini awtomatlaşdyrmaga ýardam edýän täze emeli aň funksiýasy elýeterli boldy. Döwrebap tehnologiýa eksport-import amallaryny amala aşyrýan telekeçilere hem-de edaralara aşakdaky esasy mümkinçilikleri hödürleýär:
Bu strategik taslama, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryldy. Ol gümrük işini sanlylaşdyrmak, sebitara gatnaşyklary ösdürmek hem-de «akylly» gümrük konsepsiýasyny durmuşa geçirmek ugrundaky netijeli başlangyçlaryň aýdyň miwesidir.
Ulgama birikdirilen emeli aň tehnologiýasy real wagt rejiminde (göni wagtda) işleýär we türkmen, rus hem-de iňlis dillerini goldaýar. Bu bolsa daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň giň köpçüligi üçin portaldan peýdalanmagy has-da amatly edýär.
Täze sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy harytlaryň toparyny dogry kesgitlemäge, gümrük resmileşdirilmeleriniň möhletini gysgaltmaga, gümrük tölegleriniň takyk hasaplanmagyna we daşary söwda statistikasynyň dogry ýöredilmegine ýardam eder. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sanly ulgama geçmek baradaky özgertmeleriniň taryhy tapgyry bolup, ýurduň halkara söwda ulgamyna has-da ysnyşykly integrasiýalaşmagyna goşant goşar.
Keywords