
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hökümet mejlisiniň dowamynda Meret Orazowy «başga işe geçmegi sebäpli» Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
M. Orazow 2001-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri bu wezipäni eýeläp gelýärdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Meksikadaky, Kanadadaky ilçisi we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.
Keywords