
Şu gün — 22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň resmi saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz mähirli salam we dostlukly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjan döwletiniň Baştutanyna hem özüniň salamyny we doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky taryhy dostluğa we özara ynama esaslanýan syýasy dialogyň ýokary derejede ösýändigini aýratyn bellediler. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze sepgitlere götermek, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň giň mümkinçiliklerini içgin ara alyp maslahatlaşdylar.
Keywords