
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Japarowy kabul etdi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň başynda myhman Türkmenistanyň Prezidentine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, bagt we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki gün tertibindäki birnäçe möhüm meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze hile götermäge, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli energetika hem-de ulag-logistika pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Mälim bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň hökümet wekiliýeti Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýokary derejeli mejlisiniň işine hem işjeň gatnaşdy.
Keywords